Türkmenistanyň mugallymlary we okuwçylary, maglumaty şu ýere goşuň!

Buysançly binalar.


Beýik Galkynyş zamanasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
döwletimiziň uly özgertmeleri başdan geçirýär. Täze gurulýan durmuş medeni- maksatly desgalaryň sany barha artýar.Bu zatlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçündir!” diýen ýörelgesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halky ajaýyp geljege tarap ynamly barýar.Ýurdumyzda üstünlükli amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşa geçirilmegine badalga berlen halkara ähmiýetli iri taslamalar munuň aýdyň güwänamasydyr.Şol iri taslamalaryň biri bolsa, gürrüňsiz , “Awaza” milli syýahatçylyk zolagydyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde “Awazada” birnäçe myhmanhananyň ulanylmaga berilmegi biziň başymyzy göge öetirdi.Munuň özi guwandyryjy ýagdaýdyr. Hawa,Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenar ýakasy öz amatly ýumşak howasy we baý mümkinçilikleri bilen belli bolan täsin, ekologiýa taýdan arassa tebigy zolakdyr. Munuň özi “Awazany” diňe bir sebit möçberinde däl eýsem halkara möçberinde hem hakyky syýahatçylyk merkezine öwürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Güljan Bekiýewa.
Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.
Aşgabat.
№ 73 (8148) 2009-njy ýylyň 18-nji iýuny,penşenbe.
Amangeldi Nazarow.





Menzil.


Menzil!Her günüň domwamynda oňa,gör,näçe adam gelip gidýär.Kim goşuny arkalap uzak ýola barýandyr.Kimem niredendir bir ýerlerden gelýändir.Şolaryň hemmesinde-de joşgunly durmuşyň beýik sazlaşygy bar.Şonuň üçinem islendik wagytda-da süýji aladalara ýugrulyp,öz mähribanlaryň ýanyna gitmegiň,”Menem ýaşaýşyň bir ýaňy” diýýäne çalym edip,zoguny uzyndan-uzyn çalyp barýan otlynyň äpişgelerinden daş-töweregi,obajyklary,boz meýdanlary synlamagyň özboluşly lezzeti bar.Şeýle saparlaryň biri şu günki ýaly ýadymda.täze otlularyň birine münüp,ejemlere barýardym.Men otluda asly obaly,ýöne durmyşa çykyp,şäherde ýaşap ýören bir gelin bilen gitdim.Ol otlynyň yzda galdyryp barýan gözelliklerini nebewürlik bilen synlaýardy.Şol barmana-da,onuň gözi uzyn atyzlarda pagta ýygyp ýören gyzlara düşdi.Ol:”Adamlaryň işaňňirligini.Meniňem şeýle ýerde zähmet çekesim gelýär.Görýäňmi,otla münmegiňem özboluşly lezzeti bar eken.Menem baramsoň,şäheriň gyraragyndan bolýarmy,nämemi,bir amatly ýerden ýer alyp,onda ekin ekjek”diýip,barýançak”bolsady ekdi”gitdi.Ol entegem şol pikirlerinde galyp,”Jora jan,men oýun edýän däldirin.Niýetime düwenzadymy hökman amala aşyraryn”diýip,otludan gol salgap düşüp galdy.


Напичатала Rabiýa Kurbanowa.
Nesil.