8 Syýasy-ykdysady
8.1 Bilim

Ahal welayatynda 13 sany yokary okuw mekdebi, dowlet ahmiyetli hyzmat edis edaralarynyn aglabasy yerlesyar.

Turkmen Dili – Döwlet Dili

Türkmenistanyň Dil hakyndaky kanuny 1990-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 24-ine kabul edildi.
,,Türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dilidir“ diýilmeginiň örän uly ähmiýeti bar, çünki dil halkyň milli özboluşlylygyny kesgitleýji milletiň aýrylmaz alamatlarynyň biridir. Türkmen dilini ösdürmek, ulanmak hem-de goramak meseleleri Türkmenistan döwletiniň ygtyýaryna girýär. Bu Kanun türkmen halkyň ruhy döredijiliginiň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etmeli, onuň döwlet özygtyýarlygynyň geljegini kepillendirmek maksady bilen, türkmen diline Türkmenistanyň tutuş çäginde döwlet dili hukugyny berýär.

Türkmenistanyň döwlet dilini ýurdumyzyň her bir raýaty öwrenmeli we sylamaly. Bu dünýäniň ösen döwletleriniň hemmesinde ykrar edilen ýörelgedir. Şeýle bolanda düşünişmek, dostluk, jebislik uzaga gider,baky berkarar bolar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hem dil barada köp sargytlary we dana sözleri bar. Türkmen diliniň fonetik aýratynlyklaryny hasaba alýan elipbiýiň düzülmegi, türkmen dilinde dürli gazet-žurnallaryň, kitaplaryň çap edilip başlanmagy, mekdepleriň köpçülikleýin açylmagy, ylmy ojaklaryň döredilmegi türkmen edebi ýazuw diliniň kämilleşmegine amatly ýagdaýdöretdi.

Bulara garamazdan,Türkmenistan tä öz garaşsyzlygyny gazanýança, iş ýüzünde türkmen diline döwlet dil hyzmatyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berilmedi. Türkmenistanda iş dolandyryş, esasan, rus dilinde alnyp baryldy. Bu ýagdaý türkmen diliniň hemmetaraplaýyn pajarlap ösmegine ýaramaz täsir etdi.
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň tagallasy bilen türkmen dili döwlet dili diýlip yglan edildi. Şondan soň türkmen dilini ösdürmäge niýetlenen “ Dil maksatnamasy“ kabul edildi. Edebiýatçy alym we şahyr Ahmet Mämmedow şeýle ýazýar:
Ene dilim-enemiň ak süýdüniň urbasy,
Şoňa bagly kalbymyň oýnap,böküp durmasy,
Her halkyň öz danasy,,Dilim-dünýäm“diýipdir,
Mertebesi türkmeniň dili bilen beýikdir.
Her bir halkyň ene dili uly gudratly güýçdür, ol adamlary hem agladyp,hem güldürip bilýär, halkyň mertebesi şol dil bilen ölçelýär, şatlygyny şol dilde ýüze çykarýar, ejizlän wagtynda şol dilde nalyş edýär.
Beýik Türkmenbaşy hem:
,,Ene dilimize mukaddeslik hökmünde garamaly.
Biziň her birimiz öz şöhratly aslymyza, gadymy hem baý dilimize guwanmalydyrys.

Ene dilimizi baýatmaly, ösdürmeli. Biz milli dilimize guwanmaly! Biziň ata-babalarymyz şol dilde gürläpdirler, türkmen dili –iňňän gadymdan gelýän dil“diýip belleýär.
Biz türkmen diliniň Türkmenistanyň döwlet dili diýlip jar edilmegine kanuny guwanmaga we buýsanmaga haklydyrys. Her bir dil şol halkyň asyrlar boýy döreden egsilmez baýlygydyr, halkyň taryhydyr, şatlygydyr, gözýaşydyr, namysydyr we mertebesidir. Taryh dilini ýitiren halka gazaply daraýar, onuň özüni-de dünýä gelmedik ýaly, başga halkyýetlere garyp goýberýär. Türkmen halky ýowuzlyklara, talaňçylyklara,birehim darkaşlara we çäklendirmelere döş gerip, taryhyň heýhatly tüweleýlerinden öz dilini aman alyp çykdy , oňa daýandy we oňa söýündi, ony hemişe baýlaşdyrdy we timarlady, Magtymguly aýtmyşlaýyn, ,,şirin zybana“öwürdi.
Şeýle baý hem gadymy diliň bu gün gülleýän Türkmenistanyň Döwlet dili bolmagy biziň milli ruhumyzyň, asylly , medeni hem ruhy binýatlarymyzyň täzeden,täze manyda dikeldilmegidir, täze ösüşlere badalgadyr. Türkmen dili Özbaşdak Türkmenistan döwletiniň döwlet dili diýlip, kanun esasynda yglan edildi. Munuň özi türkmen diliniň täzeden güllejekdiginiň, baýlaşjakdygynyň äşgär aňladylmasy boldy.
Dilimiziň döwlet dili bolmagy türkmen halkynyň, türkmen medeniýetiniň taryhynda öçmez wakadyr. Ol ruhy medeni kämillige tarap ädilen aýgytly ädimdir.

Ol halkymyzyň zehin hem döredijilik ukybynyň sagdyn akaba bilen ileri gitjekdiginiň güwäçisidir. Türkmen diliniň Diýarymyzyň döwlet dili diýlip yglan edilmegi başga- bir möhüm meseläni-de orta çykardy. Türkmen dili- Türkmenistan döwletiniň döwlet dili. Şu ägirt uly hem jogapkärli wezipeleriň ikisiniň hem göwnejaý çözçlmeginiň başynda ýurdumyzyň öňki baştutany Sarpaly Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hut özi durupdy. Özem bu meseleleriň halkymyz tarapyndan gyzgyn goldanylyp, biçäk saldarlanyp hem oýlanyşykly çözülendigine-de buýsanmaga hakymyz bardyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy :
“ Biz öz körpelerimize ýaşlykdan başlap, ýz ene dili bilen birlikde iňlis, rus, nemes, fransuz, arap, türk, pars dillerinem öwretmäge borçludyrys. Munuň özi Türkmen çagalarynyň giň düşünjeli hem giň dünýägaraýyşly çagalar bolup kemala gelmeginiň, olaryň öňünde dünýäniň gapylarynyň açylmagynyň esasy şertleriniň biridir. Häzir biz çagalarymyza türkmen, rus, iňlis dillerini öwretmäge başladyk. Geljekde Türkmenistanyň her bir raýatynyň üç dil bimegini hökmany şert edip goýarys“ diýip geçdi.

Jemile Gurbangeldiýewa orta 27 mekdebiň 8 "E" synpynda Aşgabat şäheri

8.2 Saglyk


8.3 Jenaýat we höwpsuzlyk