7 Medenýet
7.1 Sungat we arhitektura
Bitaraplygyň binagärlik waspy
Bitaraplyk binasy diýip atlandyrylan ýadygärlik Aşgabadyň merkezinde ýerleşýär. Ol şamçyrag ýaly bolup, gije-gündiziň dowamynda alyslardan hemmeleriň nazaryny özüne çekýär, ýakyndan seretseň bolsa onuň owadanlygy, kaşaňlygy, ýeňillik bilen asmana, güne we ýyldyzlara bakyşy özüne bendi edýär.
Bu adaty bolmadyk ýadygärligiň ideýasy 1995-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde Nýu-Ýork şäherinde bolup geçen waka bilen baglanyşyklydyr, şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 185 döwletiň wekilleri «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly ýörite Ykrarnamanyň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdiler.
Bitaraplyk binasy türkmenistanlylaryň ençeme asyrlap taryhyň kölegesinde bolup, birden dünýäniň syýasy sahnasyna hakyky garaşsyz döwlet hökmünde çykmagy başaran öz ata Watanlaryna bolan buýsançlarynyň beýanydyr.Bitaraplyk binasynyň kompozision esasyny türkmen tagany emele getirýär.

untitledhj.gif
Üç aýakly türkmen taganynyň keşbi türkmen halkynyň ojagynyň odunyň hiç wagt öçmezligini, onuň mukaddesligini we türkmen döwletliliginiň mäkämligini aňladýar.
Ýadygärlik 63 metre uzap gidýär, onuň çür depesinde parlak baýdagyň öňünde Saparmyrat Türkmenbaşynyň 12 metrlik heýkeli oturdylypdyr. Ol öz okunyň daşyndan gije-gündiziň dowamynda bir gezek aýlanýar. Milletiň Serdary Güni garşylap we ugradyp, nazaryny öz bina eden döwletine aýlaýan mysaly görünýär.

Jemile Gurbangeldiýewa yöriteleşdirilen 27- nji orta mekdebiň 8 "E" synpynda Aşgabat şäheri
"Turkmenistan" W. M. Hramow, Germaniya 2006



7.2 Ruhubelentligi

Döwletiñ baštutanynyň esasy pikiri boyunça muzeýiñ jaýy Berzeññidäki belent ýerde- Aşgabadyň gŭn-orta böleginde , Köpetdagynyñ ajaýyp eteginiñ edil golaýynda ýerleşýär . Umumy meýdany 30.000 kwadrat metr bolan bu desga örän gysga möhletde bina edildi:
Ilkinji daşynyň goýulmagyndan gurluşygyn doly tamamlagyna çenli bary –ýogy bir yarym ýyl geçdi . Ol 1998-nji ýylyň 12-nji Sanjarda öz gapysyny açdy. Üç gat korpus mawy asman reňkindäki, ýarym üsferiki gyraňlaryň 16-synda ybarat bolan uly merkezi gümmez bilen gursalandyr.Olar türkmenleriň ata-babalarynyň birnäçe ýüzýyllyklarynyň dowamynda esaslandyran türki döwletleriniň sany görkezýär. Gümmeziň esasyny sütünleriň 5-si saklaýar – ýurtdaky welaýatlaryň sany boýunça .
Milli muzeý geljekde meýdanyny giňeltmek mümkinçiligiň hasabyna görä salynandyr. Jaýyň ýokarky galereýasy bilen şäheri we Köpetdagyň dag ylgamlaryň böleginiň ajaýyp görnüşini görmek bolýar . Muzeýiň işgärleri muzeýe gelýanlere amatly bolar ýaly jan edýär ; eksponatlar oňat ýerleşdirilen , türkmen we iňlis dillerinde eksplikasiýa üpjün edilen ;olar barada alada edýärler; zallarda muzeýe gelýänler üçin banketler ýerleşendir.
Palvanova Leila, Ashgabat,mekdep№13.


Ruhnama-milletiň ykbaly baradaky beýik eserdir

2001-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 12-si mukaddes Ruhnamanyň dörän güni hökmünde taryha girdi, şol gün Saparmyrat Türkmenbaşynyň galamynyň aşagyndan çykan bu mukaddes kitap watandaşlarymyzyň ýüreklerinde orun aldy we türkmen halkynyň Ýan kitabyna öwrüldi. Bu kitap diňe bir türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň beýany bolman, ol dünýäniň taryhy-filisofiki taglymatynyň hem aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasy edebiýatda täze bir hadysadyr, çeper döredijiligiň entek duş gelinmedik görnüşidir. Awtoryň öz pikirlerini ýürekden beýan edijiligi we ussatlygy haýran galdyrýar.Öz sahypalarynda türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyny täzeden janlandyrmak bilen, mukaddes Ruhnama milletiň uzak ömür sürmeginiň sebäplerini derňeýär, onuň ruhy köklerini yzarlaýar, milletiň ruhy ösüşini eýýamlara bölýär.



Türkmeniň ruhunyň bäş eýýamynyň ilkinjisi milletiň nesilbaşy Oguz handan başlanýar. Bu bölünişik türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň ýönekeý senenamasy bolman, ol milletiň ösüşiniň içki aýratynlyklary açyp görkezýän ylma düýbünden täze garaýyşdyr.
Ruhnama geçeni, häzirki döwri, geljegi bir zynjyra düzýär we täzeden döreýiş eýýamyny taryhy täzeçillik bilen açyp görkezýär. Şu nukdaýnazardan mukaddes Ruhnama tüýs öz wagtynda ýazylan eserdir, sebäbi ol halky ruhy galkynyşa tarap ugrukdyrýar, täzeden galkynmanyň we gülläp ösüşiň ýollaryny açyp görkezýär.


Ruhnama-2.gif


Mukaddes Ruhnama halk üçin, halk hakynda we halka bagyşlanyp ýazylan ýeke-täk eserdir. Ol milletiň hatyrasyna gurlan, milletiň ruhuny müdimilik ebedileşdiren özboluşly edebi-filosofik ýadygärlikdir. Ol halkyň ähli däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny ilik-düwme bilýän, onuň ruhy dünýäsine we ruhy ymtylyşlaryna ýürekden düşünýän ussat suratçynyň iňňän nepislik we ussatlyk bilen çeken portredidir.
«Her bir türkmen milletiniň taryhy ykbalyna, milli döwletine, jemgyýetine, onuň bütewiligine, agzybirligine jogapkärdir. Türkmen milletiniň bähbidi, her bir türkmeniň bähbidine baglydyr». Mukaddes Ruhnama şeýle wesýet edýär.
Jemile Gurbangeldiýewa yöriteleşdirilen 27- nji orta mekdebiň 8 "E" synpynda Aşgabat şäheri
"Turkmenistan" W. M. Hramow, Germaniya 2006
Mukaddes Ruhnamanyň kinji kitaby türkmen ruhubelentliginiň hakyky şaýatnamasydyr
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ölmez-ýitmez eseri bolan mukaddes Ruhnamanyň ikinji kitaby çapdan çykdy. Okyjyny adamzat ruhunyň belentliklerine çykarýan we dünýäniň iň gadymy halklarynyň akyl-paýhasynyň kökleriniň esaslary bilen tanyşdyrýan mukaddes Ruhnamanyň ikinji kitaby halkyň müňýyllyklaryň dowamynda dörän we onuň ganyna, aňyna ornaşan mukaddeslikleriň ruhy-terbiýeçilik gymmatlyklaryny açyp görkezýän deňi-taýy bolmadyk eserdir.


Ruhnama-3.gif
Kitabyň her babynda türkmen ruhunyň ümmülmez dünýäsi giňden açylyp görkezilýär. Awtoryň galamynyň astyndan çykan geň galdyryjy setirler özüniň ýönekeýligi we tebigylygy bilen Beýik Ýaradanyň ynsana beren mümkinçiliginiň tebigy akyl-paýhasynyň we terbiýeçilik zehininiň güýji arkaly ýerlikli peýdalanyşyny beýan edýär. Bu kitaby okan her bir okyjy dogulanyndan tä ömrüniň soňuna çenli türkmenler bilen ýaşan ýaly bolýar, okyjy diňe milletiň durmuş ykdykatlary baradaky iňňän gyzykly zatlary öwrenmän, ol durmuş baradaky bilimler bilen baýlaşýar, bu bolsa şahsyýetiň kämilleşmegine gymmatly çeşmedir.

Şol bir wagtyň özünde terbiýe bermegiň milli özboluşlylygy hem gymmatly çeşmä öwrülýär, sebäbi milletiň beýik ogly we onuň parasatly Serdary özüniň genisi arkaly bu milli özboluşlylygyň inçe syrlaryny açyp görkezýär we özüniň filosofiki taglymatyny işläp düzýär.
Durmuşy söýmegi öwredişi ýaly, mukaddes Ruhnama ynsany söýmegi hem öwredýär, diýmek ol ynsanyň kalbyna barýan söýgä berklik we hakykatlyk berýän pynhan ýoly tapmagy başarýar.

Mukaddes Ruhnamanyň geljege tarap gönükdirilen bu wesýeti eýýäm şu günler durmuşa geçýär. Türkmen halkynyň şu günki ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri täze taryhy şertlerde onuň milli häsiýetinden gelip çykýar, türkmen halky durmuşyň we wagtyň çagyryşlaryna özüniň ruhy bitewiligi bilen jogap berýär. Özüniň bütin dünýäde ykrar edilen bitewilik taglymaty bilen, Saparmyrat Türkmenbaşy pelsepesi nazaryýetiň belentliklerine galyp, dünýäniň beýik akyldarlary bilen bir hatarda durýar we bu dünýäni öz paýhasynyň genisi bilen doldurýar.
Jemile Gurbangeldiýewa yöriteleşdirilen 27- nji orta mekdebiň 8 "E" synpynda Aşgabat şäheri
"Turkmenistan" W. M. Hramow, Germaniya 2006

Mukaddes Ruhnama täze dörän taglymat hökmünde dabaralanýar

Aşgabatda mukaddes Ruhnama Uniwersiteti açylýar. Döwletiň baştutany bu çözgüdi türkmen halkynyň Ýan kitabynyň çapdan çykmagynyň bäş ýyllygynyň öňüsyrasynda, kitabyň dünýäde täze taglymat hökmünde dabaralanýan döwründe kabul etdi. Mukaddes Ruhnama dünýäniň onlarça dillerine terjime edilip, millionlarça okyjylaryň ýüreklerinde ebedilik ýer aldy, sebäbi ol dünýä ynsanlarynyň ýaşaýyş, päklik, abadançylyk, ruhubelentlik, ynsanperwerlik baradaky düşünjelerine we umyt-arzuwlaryna ýakyndyr hem-de kybapdaşdyr.


fghfgujhf.gif

Baky bitarap Türkmenistanda mukaddes Ruhnama halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine, onuň ruhy binýadyna we maýagyna, päk duýgular we bilimler dünýäsine alyp barýan şamçyraga öwrüldi. «Ruhnama-bitewilik kitabydyr» Çünki ol türkmen milletini wagt-taryhy taýdan bitewileşdirjek bir güýçli esasdyr. Ruhnama milletiň eline bir bitewi taryhy ugry, bitewi bir durmuş ýörelgesini, bitewi bir joşguny bermelidir. Meniň baş pelsepäm- bitewilik pelsepesidir. Içki bitewilik millete daýanç sütüni we gönezlik bolup hyzmat edýär. Bitewilik milletiň geljegini gurnamaga esas berýär».



Jemile Gurbangeldiýewa orta 27 mekdebiň 8 "E" synpynda Aşgabat şäheri
7.3 Ýokarlanýan medenýeti

Müňýyllyklaryň synagyndan geçen şöhratly bedew.
Müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisiniň inçe syrlarynyň netijesinde döredilen ahalteke bedewi-türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Ine, şonuň üçin, onuň keşbi Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýär, her ýylyň Gurbansoltan aýynyň soňky dynçgününde bolsa onuň gözelligi we ajaýyplygy günüň esasy wakasyna öwrülýär, şol gün Türkmen bedewiniň baýramçylygy dabaraly bellenilýär.
At türkmenler üçin ähli dünýä baýlygyndan ýokarda durýar. Türkmen toýlaryny we baýramçylyk dabaralaryny atsyz göz öňüne getirmek kyn. At barada türkmen halky ençeme aýdymlary, atalar sözlerini we nakyllary düzüpdir.
«Asman atlarynyň» taryhy asyrlaryň jümmüşine aralaşyp gidýär. Bu atlaryň gözelligine haýran galan gadymy taryhçylar olary «nusaý atlary» diýip atlandyrypdyrlar we gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý bilen gönüden-göni baglanyşdyrypdyrlar. Biraz soňra olar ahalteke atlary ady bilen has-da meşhur bolýarlar. Şeýlelik bilen, türkmen topragy dünýäniň iň gadymy we iň gowy ýyndam atlarynyň tohumynyň dörän ýeridir.


Ahalteke atlary gowy tanalýan we olaryň gadyr-gymmaty gowy bilinýän hem-de olary ýok bolmakdan halas edilýän ýurdumyzda atlaryň naýbaşy tohumyny döretmek boýunça işler maksada laýyk alnyp barylýar. Ahalteke atçylyk toplumy şol işleriň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Taryhyň çarkandakly we şöhratly ýollarynda özboluşly aýlaw edip, ykbalyň synaglaryndan öz halky bilen deňje geçip, hatda ýitip gitmek howpuna sezewar bolan ahalteke bedewi ýene-de şu topraklara, ene tebigatyň gujagyna hemişelik dolanar.Bu ýerde, özüniň kemala gelen ýeri bolan Ahal topraklarynda ol özüne pena tapar, olara türkmen halkynyň beýik ogly we naýbaşy bedewleriň beýik howandary penakärlik eder
Jemile Gurbangeldiýewa yöriteleşdirilen 27- nji orta mekdebiň 8 "E" synpynda Aşgabat şäheri
"Turkmenistan" W. M. Hramow, Germaniya 2006