Welaýat bagşylar muzeýi.

Gadymy Daşoguz topragynda bagşyçylyk sungatyny ösdürmek, ony halkyň arasynda giňden ýaýbaňlandyrmak, uly halypalaryň şägirtleriniň döredijiligini halka ýetirmek maksady bilen 1992-nji ýylda Daşoguz şäherinde bagşylaryň welaýat muzeýi açyldy. Bu Türkmenistanda ýeke-täk bagşylar muzeýi hasaplanýar.Türkmeniň sazy biziň iň gymmatly, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygymyzdyr. Ýurdumyzyň taryhynda, aýdym-saz äleminde uly yz galdyran meşhur sazandalarymyzyň mirasyny doly öwrenmek, ony halka ýetirmek bu biziň esasy borjumyzdyr.Daşoguz topragynda doglan we ýaşaýan şahyrlar, ýazyjylar kompozitorlar,medeniýetiň we sungatyň ösmegine goşandyny goşan adamlar hakyndaky maglumatlary ýygnamakda, bagşylaryň terlimehalyny, ses ýazgylaryny toplamakda uly işler alnyp barylýar Muzeý öz ýygnan, öwrenen materiallaryň esasynda ýörite sergiler guraýar. Bagşy sazandalaryň döredijiligini halka ýetirmek maksady bilen döredijilik duşuşyklaryny, ýatlama agşamlaryny geçirýär. Muzeýde türkmen aýdym-saz sungatynda özlerini tanadan bagşy-sazandalaryň dürli ýyllarda düşürilen suratlary, aýdym-saz lentalary saklanýar. Mundan başga-da aýdym-saz sungatynda degişli çeper eserleriň 2000-den gowrak hazynasy, 700-e golaý eksponatlar saklanýar. Muzeýde türkmeniň milli saz gurallary bolan dutar, gopuz, dilli tüýdik, gargy tüýdik, deprek ýaly ençeme saz gurallarynyň nusgalary bar. Bagşylaryň ýubileý toýlary bilen baglanyşykly medeni köpçülik çärelerini yzygiderli geçirip durýar. Bagşylar muzeýinde “Zenan bagşylar “, “Sazandalar”, “Gyjakçylar”,”Şasenem boýdaşlaryny çagyrýar”, “Toýuň bezegi bagşydyr”, “Bagşy sazandalar”, “Ýazgylar hazynamyz”. “Kompozitor lar we estrada aýdymçylary”, “Magtymguly Garlyýew we onuň şägirtleri, “Ilaman Annaýewiň şägirtleri”, “Öre şyhyň şägirtleri”, “Aşyk-Aýdyň halkara festiwaly”, “Halypa bagşylar”, “Baýar bagşynyň şägirtleri”,”Nazar baga we onyň şägirtleri” diýen ýaly bölümler hereket edýär.
Daşoguz topragynda özleriniň ajaýyp sungaty bilen öçmejek yz galdyran bagşylar sanap çykardan köpdür. Halkyň hadysasynda galan Pälwan bagşy, Atabaý bagşy, Öre şyh, Magtymguly Garlyýew, Palta Garaýew, Baýar Baýramow, Ilaman Annaýew , Akjagül Myradowa, Sapar Bekiýew, Nazar baga we beýlekileriň bitiren hyzmatlarynyň belli bahasy ýokdur.
4.jpg
Saz gurallar

Daşoguz habarlary, Gözel Setdarowa, Daşoguz, 2008-07-01, # 79 (15661), Sahypa 4.