1.Türkmeniň saz medeniýeti.



TÜRKMENIŇ KÖNÜL GOYAN
SUNGATY

Türkmeniň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysyna öwrülen haly öran gadymy sungatdyr. Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan haly türkmen milleti döräli bäri onuň ruhy tugrasy hökmünde ýaşaýar. Haly –milletiň ykbaly, haly – keramat, sessiz dymyp duran bir syrly eser. Saňa tutuş geçmeşiňi görkezipdur.Onsoň, hala neneň keramat diýmejek?!
Haly düşelen öýe bela gelmez .Ç ünki halynyň keremi bela-beteriň täsirini yza serpikdirýär. Yhlasyň, hyjuwyň, tutanyerliligiň, zehiniň öňünde hiç bir garagüýç durup bilmez. Hala bolsa ýokarda agzalan sypatlaryň ählisi siňdirilipdir.
Megerem şonuň üçindir, türkmen halysy bada-bat göreni özüne bendi edýär. Halyçylyk inçe sungat, edil “iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýýärler. Sungatyň bihaly ýok.Ähli görnüşleri inçe, ählisine-de yhlas bary siňdirilýär. Ýöne halynyň aýratyn özüne çekijiliginiň syry nämedekä?! Megerem, hakyky durmuş pursatlaryny özüne siňdirýänligindedir, hakykaty has inçelik bilen beýan edýänligindedir.Haly hem syrly, hem jadyly, hem pelsepewi eser.
Oňa owadan zenan ýüreginiň keşbi çitilendir. Seretdigiňsaýy, geçmişiň ýaşaýyş ýumagyny çöşläp barýan halylar diňe bir sungat dälde, örän gymmatly geçmişdir, wakalary özünde jemleýän taryhdyr.
Alymlar halylarda Oguz hanyň elipbiýiniň ýerleşdirilendigini aýdýarlar.Örän gyzykly maglumat. Elipbiý dilimiziň taryhy bilen baglanyşykly. Hala seredip Oguz hanyň döwründe gadymy milletiniziň nähili ýazuw medeniýetiniň bolandygyny kesgitläp bolýar. Ine, taýýar taryhy çeşme, deliller.Ene-mamalyrymyzyň paýhasyna aperin diýäýmeli. Ylmy sungat bilen sepleşdirip bilýän türkmen zenany, halynyň nuruna ýugrulan ajap dünýäli mähriban ynsandyr.
Türkmen halylarynyň täsin özüne çekiji dünýäsi daşary ýurtly alymlary-da biparh goýmandyr.
Alym S.M.Dubin: ”Dokma guralynyň üýtgeşikligi, dokalan zadyň dürli kärler arkaly ulanylmagy, reňkleriň utgaşma üýtgeşikligi işiň ýokary hilli ýerine ýetirilenligini, türkmenleriň halyçylyk sungatynyň gadymydygyny, galyberle-de türkmen halyçylygynyň özbaşdak kämilleşendigini görkezýär” diýip ýazypdyr.
Kämillik hem-de gaýtalanmazlyk diýlen düşünjeler hut türkmen halylary üçin döredilen ýalydyr. Çünki türkmen halysyny özge halklar gaýtalap bilmeýärler. Halyçylyk sungaty dünýäniň köp halklarynda sungat eseri bolmagynda galýar. Ýöne türkmen halysyna bu jahanda taý ýokdur.


Dursun Tekäýewa, žurnalist.
Türkmen Dünýäsi №1 (297) 2009-nji ýylyň Ýanwary.
Напечатал:Begli Ballyýew.