13 Sport

Hemme adamlar sport bilen meşgurlanmalydyr,sebäbi sport peydalydyr.Biziň yurdumyzda sport bilen meşgurlanmak üçin her-hili sport komplekslar bar. Aşgabatda üç sany stadion bar.Olar:Nissa,Köpetdag we Beyik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli “OLIMPIYA” stadiony.Yaňy yakynda “OLIMPIYA” stadionynda biziň futbolçylarymyz GON KONGDAN gelen futbolçylary 3:0 hasabynda utdy. Sportuň örän köp görnüşleri bar. Olar:futbol,basketbol,wolleybol,tennis,gandbol,hokkey,buzda typmak we beylekiler.Aşgabatda “BUZLY KÖŞK” hem açyldy.Ol yerde çagalar hokkey oynap, buzda typyarlar. Biziň ilkinji Prezidentimiz milli “OLIMPIYA SUW SPORT “ toplumyny hem açyp berdi.Çagalar we uly adamlar ýüzüp öz saglygyna uly peyda getiryärler.Sizem sport bilen meşgurlanyň!


Müňýyllyklaryň synagyndan geçen şöhratly bedew.

Müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisiniň inçe syrlarynyň netijesinde döredilen ahalteke bedewi-türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Ine, şonuň üçin, onuň keşbi Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýär, her ýylyň Gurbansoltan aýynyň soňky dynçgününde bolsa onuň gözelligi we ajaýyplygy günüň esasy wakasyna öwrülýär, şol gün Türkmen bedewiniň baýramçylygy dabaraly bellenilýär.
At türkmenler üçin ähli dünýä baýlygyndan ýokarda durýar. Türkmen toýlaryny we baýramçylyk dabaralaryny atsyz göz öňüne getirmek kyn. At barada türkmen halky ençeme aýdymlary, atalar sözlerini we nakyllary düzüpdir.
«Asman atlarynyň» taryhy asyrlaryň jümmüşine aralaşyp gidýär. Bu atlaryň gözelligine haýran galan gadymy taryhçylar olary «nusaý atlary» diýip atlandyrypdyrlar we gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý bilen gönüden-göni baglanyşdyrypdyrlar. Biraz soňra olar ahalteke atlary ady bilen has-da meşhur bolýarlar. Şeýlelik bilen, türkmen topragy dünýäniň iň gadymy we iň gowy ýyndam atlarynyň tohumynyň dörän ýeridir.


untitledtrt.gif

Ahalteke atlary gowy tanalýan we olaryň gadyr-gymmaty gowy bilinýän hem-de olary ýok bolmakdan halas edilýän ýurdumyzda atlaryň naýbaşy tohumyny döretmek boýunça işler maksada laýyk alnyp barylýar. Ahalteke atçylyk toplumy şol işleriň geçirilýän merkezine öwrüldi.
Taryhyň çarkandakly we şöhratly ýollarynda özboluşly aýlaw edip, ykbalyň synaglaryndan öz halky bilen deňje geçip, hatda ýitip gitmek howpuna sezewar bolan ahalteke bedewi ýene-de şu topraklara, ene tebigatyň gujagyna hemişelik dolanar.Bu ýerde, özüniň kemala gelen ýeri bolan Ahal topraklarynda ol özüne pena tapar, olara türkmen halkynyň beýik ogly we naýbaşy bedewleriň beýik howandary penakärlik eder.
Jemile Gurbangeldiýewa yöriteleşdirilen 27- nji orta mekdebiň 8 "E" synpynda Aşgabat şäheri
"Turkmenistan" W. M. Hramow, Germaniya 2006